Künji ýetişdirmek we onuň söwdasy


Photo by terraoko

Künji birnäçe müň ýyl bäri adamzada mälimdir. Ol diňe bir iýmitde däl, eýsem lukmançylykda we kosmetologiýada, şeýle hem iýme goşundy edilip ýagy alynan şulha hökmünde giňden ulanylýar. Künji ýylylygy gowy görýän ekinlere degişli ol esasan yssy howaly ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýär, şonuň üçin hem ony Türkmenistanyň howa şertlerinde ösdürýän daýhanlar az däl.

Eger hasyl Türkmenistandan eksport ediler diýip göz öňünde tutsak. Dünýäde künji importynyň 46,5% -ini Hytaý, ondan soň Türkiýe, Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Wýetnam we Ysraýyl tutýar. Dünýä importy boýunça bu ýurtlaryň bilelikde tutýan paýy 78,1% -e ýetýär.

Künjiniň peýdasy

Künjiniň iň köp ýaýran görnüşleri ak we gara görnüşidir. Gara, has hoşboý ysly bolup esasan ýag öndürmekde, ak bolsa iýmit önümlerine goşundy hökmünde ýa-da halwa ýasamak üçin ulanylýar. Künji osteoporoz üçin örän peýdaly, sebäbi düzüminde kalsiý köp, ganyň holesteriniň derejesini peseldýär, fitoestrogenleri öz içine alýar we üsgülewügi bejermekde kömek edýär.

Künjini ýetişdirmek

Künji ýylylygy we Güni gowy görýär, yssy şemallara çydamly bolýar, aşa çygly we batgalyk topraklary halamaýar we hatda ýeňil aýazlar-da çydam etmeýär. Türkmenistanyň şertlerinde ekmeklik üçin iň amatly wagty aprel - maý aýlary hasaplanýar. Şireje we ak ganatlardan başga zyýankeşlere çydamly bolýar. Ammiak selitrasyny, superfosfatlary we kaliý hloryny dökün hökmünde ulanmak maslahat berilýär. Ony bugdaý, bakja önümleri we kösüklilerden soň ekmeklik maslahat berilýär, ýöne künjini şol bir ýere yzly-yzyna ekmeklik topragy güýçden gaçyrýar, şonuň üçin şol bir ýere 6-7 ýyl ara berip ekilmeli.

Hasyly künjiniň ýapraklary saralyp ​​gaçyp başlansoň ýygylýar. Köp wagt saklamaklygyň peýdasy ýok, sebäbi onuň daşy gurap ýarylýar we çala degseň hasyl ýere dökülýär. Şonuň üçin seresaplylyk bilen ýygylýar we has gowusy - hasyl şahalary bilen kesilýär, brizentlere ýazylýar soň gabygyndan arassalanýar.

Bir poddada100-e çenli däne bolup biler, şonuň üçin bir inedördül metrden 200 gram töweregi tohum ýygnalyp bilner. Tohumlary gury, garaňky otagda aýnadan ýa-da metaldan berk ýapyk gapda saklamaly. Saklanma temperaturasy 0°C derejede bir ýyl töweregi saklanyp bilner.

Künjiden önümler

Ýurdumyzda künji çörek önümlerinde giňden ulanylýar. Künji ýagynyň önümçiligini gurnamak mümkin, bu örän tagamly we sagdyn hasaplanýar we uzak wagtlap saklanýar. Mundan başga-da, künjünden mazaly halwanyň önümçiligini ýola goýamklyk mümkin.