Aşgabat şäher häkimligi ýerasty geçelgäniň taslamalaryny düzmek we olary gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär
Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň we 2105-nji (Hoja Ahmet Ýasawy) köçesiniň ugrunda 4 sany ýerasty geçelgäniň taslamalaryny düzmek we olary gurmak boýunça potratçyny saýlap seçip almak boýunça bäsleşik yglan edilýär.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýüztutmalary 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwaryna çenli kabul edilýär. Töleg hasaplaşygy işler ýerine ýetirilenden soň geçirilýär.
Bäsleşik 2021-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalary Aşgabat şäher häkimliginden alyp bilersiňiz.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýoly, 17, Aşgabat şäher häkimligi, 127-nji otag.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 92-67-00.
Çeşme: metbugat.gov.tm