Ýolbelet - geljegi bolan sanly taslama


Ýolbelet - ildeşlerimiziň içinde ylym-bilim, tehnologiýa, IT, daşary-ýurt dillerini öwretmek we öwrenmek isleýän adamlary duşuşdyrmak maksady bilen türkmen programmistleriň döreden internet meýdançasy. www.linktr.ee/yolbelet bu meýdançada islän adam maddy ýagdaýyna, ýaşyna we ýaşaýan ýerine garamazdan öz işine ökde bolan hünärmen ýolbeletçisinden (mentordan) öz saýlan ugruny öwrenip bilýär. Mentorlar boş bolan wagtlarynda olary saýlan adamlara mugt sapak berýärler!
Ýolbelet meýdançasy "öwren-öwret" ýörelgesine esaslanyp işleýär.
Taslamanyñ maksady türkmen oglan we gyzlaryň goşmaça döwrebap bolan ylymlary we bilimleri öwrenip ýa-da öwredip, döwre görä aýakdaş gitmesine sebäp bolar diýen umyt bilen döredilen.
Ýolbelediň artykmaçlyklary:
Türkmen dilinde
Mugt
Taraplaryň hiç hili borçlary ýok
Iş rejesi 24/7

Mentor kim?
Häzirki zaman düşünjesinde mentor - iş we bilim tejribesi az bolan adama onuñ bilimini hem-de hünärini kämilleşdirmekde peýda bermek isleýän öz ugry boýunça ökde bolan hünärmen. Türkmençe aýtsak, işinde ýa-da okuwynda üstünlik gazanan we ony başgalar bilen paýlaşmak isleýän taýýar bir halypadyr.

Tutor kim?
Tutor - mugallymçylyk etmegiň bir görnüşi. Islendik bir ders boýunça bir ýa-da birnäçe okuwça günde, hepdede ýa bolmasa aýda bir gezek goşmaça sapak berýän mugallym. Sapaklar synp otagynda, repetitorlyk merkezinde, mugallymyň ýa-da okuwçynyň öýünde we online görnüşinde geçirilip bilner.