MBA - Kiçi telekeçilikden uly biznese tarap


Photo by Depositphotos

Telekeçilik işi ulalyp kompaniýa ýa-da korporasiýa derejesine ýetenden soňra uly göwrümli biznes prosesleri dolandyrmak üçin ýeterlik derejede bilimli we hünärli dolandyryjylara (top menejerlere) mätäçlik çekilýär. Şonuň üçin hem, dünýä tejribesinde biznesini has hem giňeltmek isleýän maýadarlar ýa-da uly we abraýly kompaniýalarda dolandyryjy wezipelerde zähmet çekmek isleýän adamlar MBA (Master of Business Administration) boýunça halkara derejeli diplom almaga synanyşýarlar.


MBA sözlerine, gönümel terjime edilende biznesi (hojalygy) dolandyrmak boýunça ussat-guramaçy diýip düşünmek bolar. Ol köplenç ýokary okuw jaýy tamamlanandan we biraz tejribe toplanandan soňra okalyp, adatça 1 ýyldan iki ýyla çenli dowam edýär.

MBA boýunça okuw sapaklarynyň peýdaly taraplary:

Bilim, hünär we ukyp-başarnyklaryňy ýokarlandyrmak: MBA okuw sapaklarynda biznes we dolandyryş proseslerini has çuňňur görnüşde berilýär we tejribede peýdalanyp boljak tehnologiýalar öwredilýär.

Daş töwerek bilen gatnaşyk: MBA okuw sapaklarynda biznesde we dolandyryş ulgamynda uly derejelere ýeten adamlar bilen pikir alyşmak we maslahatlaşmak mümkinçiligi döreýär we bu bolsa öz gezeginde dünýä garaýşyňy has hem giňeldýär.

Täzeçe garaýyş: Daşky dünýäsiniň üýtgemegi we bilim-hünär derejesiniň ýokarlanmagy bilen, MBA okuw sapaklarynyň diňleýjileri biznes proseslerine ýa-da maýa goýum taslamalaryna öňküsinden has hem täzeçe garaýyş bilen çemeleşmäge ukyply bolýarlar.

MBA uçurymlarynyň başarnyklary: strategiki pikirlenmek, liderlik-guramaçylyk, meselelere çözgüt tapmak, telekeçilik maglumatlary dolandyrmak (biznes analitika), dürli bölümler we adamlar bilen netijeli aragatnaşyk saklap bilmek.
Halkara derejeli MBA okuw sapaklary esasan öz biznesini ösdürmek we täze derejelere ýetmek isleýän, bank-maliýe we beýleki dolandyryş guramalarynda orta we ýokary wezipelerde zähmet çekmek isleýän ýa-da halkara guramalarda karýera edinmek isleýän adamlara maslahat berilýär.