2020 pandemiýasy​ biznesiñ​ haýsylary üçin bähbitli boldy


Photo by snackandbakery

2020-nji​ ýyl dünýäni düýpgöter üýtgeden ýylyň biri hökmünde taryha girer. Bu dörän ýagdaýa garamazdan, käbir biznes ideýalar we aktiwler üstünlik gazanmagy başardylar. Bu makalamyzda olaryň käbirlerine göz aýlalyň.

Altyn
Islendik döwürde maliýe çökgünligi başlanda, adatça altynyň bahasy ýokarlanyp başlaýar - dünýä tejribesinde maýadarlar altyna goranyş serişdesi hökmünde seredýärler, şol maksat bilen altyn satyn alýarlar. Bazar dikelip başlanda bolsa altynlaryny satyp, beýleki spekulýatiw​ aktiwleri satyn alýarlar we altynynyň bahasy düşüp başlaýar. Emma, umuman aýdylanda, onuň bahasy ýokarlanmak tendensiýasyny görkezýär. Şeýlelikde, 2020-nji​ ýylyň başynda altynyň bir unsiýasynyň​ bahasy 1600$​ den 2063$​ ýetdi, ýylyň ahyrynda bolsa 1890$​ geldi.

CriptopullarBitcoin​
2020-nji​ ýylyň başynda 1 bitkoin​ 8000$​ geçmeýärdi. Sentýabr aýynda ol aktiw ösüşi görkezdi, ýylyň ahyrynda bolsa 30 000$​ ýakynlap bahada iň ýokary taryhy derejesine ýetdi.
Bitkoiniň​ bahasynyň ýokarlanmagy, esasan, iri bolan halkara töleg ulgamlarynyň bitkoinleri​ töleg görnüşi hökmünde kabul edip başlamagy bilen düşündirse bolar. Dekabr aýynda Visa​ kompaniýasy bitkoinde​ keşbek​ tölenjek​ kredit bank kartyny çykarmaklygy meýilleşdirýändigini hem yglan etdi.

IT kompaniýalary
Pandemiýa köp kompaniýalara ýaramaz täsir eden hem bolsa, tehnologiýa kompaniýalaryna oňyn täsir etdi. Karantin we çäklendiriji çäreleriň şertlerinde adamlar IT önümlerine, enjamlara we internete zerurlyk duýdular. Muňa mysal hökmünde adamlar onlaýn konferensiýalary geçirýän Zoom programmasyny köpçülikleýin ulanyp başladylar. 2020-nji​ ýylyň başynda “Zoom” -yň bir aksiýasynyň bahasy 75$​-dy. Ýylyň ahyrynda bolsa 300$​ hem geçdi.
Mysal üçin, Türkmenistanda "Päk nesil" ýa-da "Dana" ýaly okuw merkezleri daşary ýurt dillerini ýa-da başga okuwlary öwrenjekler üçin onlaýn sapaklara geçmegi başardylar.

Taýýar nahar we azyk önümlerini eltip bermek
Taýýar naharlary we azyk önümlerini eltip bermek dünýäde iň talap edilýän hyzmatlaryň birine öwrüldi. Şol sanda Türkmenistanda hem köp marketler we restoranlar bu hyzmaty bazaryň talabyna görä çalt gurnap bildiler. Mysal "Ynamdar" ýa-da "Getirtm​" ýaly täze internet marketler meşhurlyga eýe boldular​ we täze döränler hem boldy.

Elektrik awtoulaglar
Teslanyň​ esaslandyryjysy Elon​ Musk​ awtoulag pudagyny düýpgöter üýtgetjekdigini aýdypdy. Kyn ýagdaýa garamazdan, Teslanyň​ paýnamalary maliýe bazarlarynda gaty çalt ösýär. 2020-nji​ ýylyň başynda olaryň bahasy 100$​ gowrakdy​, ýyl soňuna onuň bahasy 700$ töweregi boldy.