Uly bergiden nädip çykmaly ýa-da meniň bergiden dynyşym


Photo by depositphotos
Kiçi göwrümli biznesde kiçi töwekgelçilikler bilen, uly göwrümli biznesde bolsa uly töwekgelçilikler bilen duçar bolýarys. Töwekgelçilik bilen duçar bolmaklyk, işleriň meýilleşdirilişi ýaly gitmedik ýagdaýynda puluň we başga-da gymmatlyklaryň ýitirilmegi diýmekdir. Hiç kim bergiden ýa-da batyp galmakdan azat däl, emma beýle ýalňyşlyklary köplenç telekeçilige täze başlan adamlar edýär. Şonuň üçin hem biznes tälimçileriň köpüsi diýen ýaly telekeçilige täze başlanlara diňe öz serişdeleriniň hasabyna başlamagy​ maslahat berýärler.

Biznes tälimçileriň özleriniň hem ýitgä uçrap, bergä galýan ýagdaýlary az däl. Şonuň ýaly ýagdaýlary başdan geçirenleriň biri hem Orta Aziýada we Russiýada kitaplary we okuw maslahatlary bilen meşhurlyk gazanan, kitaplary birnäçe dile terjime edilen täjik millioner​ we biznes tälimçi Saidmurod​ Dawlatow​. Ol “Bergiler gitdigiçe azalýar” («Долги​ тают​ на​ глазах​») atly kitabynda nädip özüniň 174 adama we 4 sany banka birnäçe million​ dollar möçberinde bergidar bolandygyna we ondan nädip ussatlyk bilen baş alyp çykandygyny gürrüň berýär.

Awtor kitabynda öz başdan geçiren kyn günleri barada gürrüň bermek bilen, bergilerden çykmak boýunça öz ulanan ýönekeý​, emma täsirli usullaryny beýan edýär. Kitabyň awtory bir döwürler emele gelen bergileri sebäpli jemi 174 adamyň her gün yzyny üzmän diýen ýaly özünden algylaryny tölemeklerini talap edendiklerini, dürli töhmetlere, mertebesiniň kiçeldilmegine​ we kemsidilmelere​ sezewar bolandygyny gürrüň berýär. Awtor kitabynda başyna gelen şonuň ýaly kynçylyklardan baş alyp çykmak üçin bergä batan beýleki baý adamlaryň tejribesini öwrenmäge başlandygyny we netijede bergileri gaýtarmak boýunça özbaşdak bir meýilnama işläp düzendigini ýazýar.

Awtoryň pikirine görä bergä batan adamyň etmeli işleriniň biri hem “bergidarlyk psihologiýasyndan​” halas bolmalydyr: uly bergä batan adam köplenç gije-gündiz nädip bergisini gaýtaryp biljekdigi barada pikirlenýär, bu göräýmäge gowy niýetli pikirler bolsa-da, awtoryň pikirine görä bergä batan adam ünsüni düýbünden başga tarapa, ýagny, ilki bilen nädip gazanjyny artdyryp biljekdigi barada oýlanmalydyr.

Şeýle-de, awtor kitabynda bergiler we olary gaýtarmak boýunça başga-da birnäçe gyzykly pikirleri öňe sürýär.