Maliýe netije ýa-da meniñ kararymyň bahasy näçe manat


Photo by Freepik

Maliýe netije diýmek - islendik kabul edilýän karar esasynda döreýän maliýe ýagdaýy aňladýar. Kabul edilen kararyň netijesi gowy ýa-da erbet bolup biler. Ýönekeý mysal, köp pul sowmaklygyň netijesinde maýaňyz azalýar, pul tygşytlamagyň netijesinde bolsa maýaňyz köpelýär. Maliýe netije baradaky düşünje, bir karary kabul etmezden öň onuň netijesi nähili boljakdygy barada pikirlenmäge kömek edýär. Telekeçilik we şahsy durmuşdan mysallar:

Işiňizi meýilnamalaşdyrmaklygyň netijeleri

Telekeçi üçin işini meýilnamalaşdyrmak içgysgynç ýaly bolup biler - emma dünýäniň iň baý adamlaryndan biri bolan Warren Baffet şeý diýýär: “Bu gün kimdir biri uly agajyň kölegesinde dynç alyp ýatyr, sebäbi onlarça ýyl mundan ozal başga biri bu agajy ekmek we ideg etmek ýaly içgysgynç iş edipdi". Meýilnamalaşdyrmak ýa-da býudjet düzmegiñ netijesinde girdeji artýar we çykdajy azalýar.

Nikalaşmak ýa-da aýrylyşmak barada kabul edýän kararyňyzyň maliýe netijeleri
- Öýlenmek bilen girdeji iki esse artyp biler, emma çykdajylar köpelmezden galyp biler.
- Maşgalada är-aýal ikisem işleýän bolsa, maliýe durnuklylygy ýüze çykýar; bir tarap girdejisini ýitirse, beýleki tarapyň girdejisi bilen öwezini dolýar.
- Aýrylyşmak, maddy taýdan iň gymmada düşýän maliýe netije bolup biler. Şol sanda: ýygnalan emlägi bölmek, soňlugynda goşmaça çagalary maddy taýdan goldamak we aliment tölemek.

Awtoulag satyn almagyň maliýe netijeleri

Köp adamlar awtoulag satyn alansoň, awtoulag üçin esasy çykdajylar diňe ýangyç, teker we ýag çalyşmak bolar diýip pikir edip bilerler. Aslynda, awtoulagyň kuwwaty uly we konfigurasiýasy näçe giň bolsa, onuň şonça-da tehniki hyzmat çykdajysy köp we gymmat bolýar. Bu ulagyň bahasynyň ortaça 5% -idir. Mundan başga-da, maliýe netijä: jerimeler, duýdansyz bozulmak, awtoulag saklamak ýaly çykdajylar hem girýär.

Iş ýa-da durmuş bilen bagly kabul edýän islendik kararlarymyzyň hemmesiniň maliýe netijeleriniň bardygyna düşünmek gaty möhümdir.