Jorap önümçiligi - millionlarça gazandyrjak biznes

Jorap - bu her bir adamyň geýýän, şol sanda: erkek adamlaryň, aýallaryň hem-de çagalaryň hökman geýmeli egin eşiklerindendir.

Eger-de siz Türkmenistanda jorap önümçiligini ýola goýmakçy bolýan bolsaňyz onda siz dogry biznesi saýladygyňyz bolar, sebäbi jorabyň esasy çig maly pagta we ýüň, bular bolsa biziň ýurdumyzda önýän zatlar, gowy tarapy importa garaşly bolmarsyňyz. Içerki bazarda size bäsdeş boljaklar türk we hytaý joraplary, emma türkiň joraplary bahasynyň gymmatlygy, hytaý joraplary bolsa hiliniň pesligi bilen tanalýar. Ýene-de daşary ýurtda öndürilen joraplarda himiki serişdeleriň köp ulanylýandygyny bellemek gerek. Şonuň üçin jorap önümçiligini ýola goýmak isleseňiz natural çig mallardan hili gowy bolan arzan bahada çykjak önümçiligi ýola goýmaly.

Bazarda jorap islegleriň uly bölegini erkek joraplara, soňra bolsa aýal we çaga joraplara bolan islegler düzýär.

Biznesi guramak

Önümçilik meýdanyňyz ähli kommunal hyzmatlary birikdirilen, ýangyna garşy howpsuzlyklar berjaý edilen 50 m2 ybarat bolan, ýaşaýyş ýerlerinden uzagrakda ýerleşdirip bilersiňiz, meselem ýurdumyzyň senagat zolaklarynda. Goşmaça telekeçilik işini resmileşdirmeli. Önüme nähili reňk berjegiňiz, enjamyň sapak sanyny saklap bilýän möçberine bagly, enjam näçe sapak kän saklaýan bolsa joraby şonça owadan, ala-mula reňkli etmäge mümkinçilik bolar. Esasy isleg açyk däl reňkli joraplara bolýar. Ortaça enjamlaryň önümçilik kuwwaty sutkada 300 jübüt jorap öndürmäge ukyply.

Jorap önümçiliginiň tehniki talaplary

Kiçi göwrümli jorap önümçilik sehi üçin, iň azyndan üç sany dokaýjy enjam, kettel enjamy (bu joraba uç berýär we çatýar), formalaýjy enjam (joraby ýazmak, forma bermek we haryt görnüşi bermek üçin) we gaplaýjy enjam gereklidir. Italýan enjamlary hili boýunça iň gowy enjamlar hasaplanýar.

Enjamlaryň üznüksiz ýagdaýda işlemegi üçin, döwülen ýagdaýynda işletmekde baş çykarjak bir sany bilermen hünärmen tarapyndan seredilmeli.

Önümçiligiň esasy tapgyrlary

Dokaýjy enjam joraby dokaýar – ilki başda rezinleri we injik ýerini forma getirýär, soňra topugy forma getirýär; jorabyň ujy çatyksyz bolup, ony kettel enjamy çatýar. Gaplaýjy enjam jübütleri birleşdirýär we önüme etiketkany ýapyşdyrýar. Köplenç pagta süýmüne 5 den 30 göterime çenli sintetik, neýlon, poliester garylýar, bular joraba süýngüçlik we uzak möhletlilik berýär.

Önümi ýerlemek

Önümçiligiň öz özüni ödemesi bir ýarym ýyldan soň başlanýar. Soňlugy bilen jorap önümçiliginiň gapdalynda başga-da sport joraplary çaga kolgotkalaryň önümçiligini hem ýola goýup bolar. Önümiň ýerlenjek nokatlary bular bazarlar, dükanlar we marketlerdir. Önümiňize at tapsaňyz sizi tiz tanarlar.