BYOD – çykdajyny tygşytlamanyň bir usuly

Photo by turkmenportal.com

“Bring your own device ” gysgaça BYOD , ýagny ÖEÝG “Öz enjamyňy ýanyňda getir” diýilýäni, tehnologiýa äleminde öz-özünden dörän ugurlaryň biri. Manysy, firmalar özi üçin tehnologiýa enjamlaryny satyn alman puluny tygşytlamak maksady bilen, işgäriň şahsy noutbuklaryny, planşetlerini ýa-da akylly telefonlaryny iş üçin ulandyrýarlar .

Aslynda ÖÝEG 90-njy ýyllaryň ahyryndan bäri tanalýan usul, ýöne tejribede köp bir ulanylmadyk. Tehnologiýalaryň, şol sanda; dürli gadjetleriň köpelmegi, esasan hem bulut tehnologiýalaryň elýeter bolmagy bilen, ÖÝEG birden uly meşhurlyga eýe boldy. Elmydama bolşy ýaly, ÖÝEG-de hem artykmaçlyklar we kemçilikler bar.

BYOD girizilmegi

BYOD-yň artykmaçlygy, tehnologiýany mobil ýagdaýda ulanmaga; ofisiň daşynda resminamalara islän wagtyňyz, islendik ýerden girmäge mümkinçilik berýär.

Daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribesiniň görkezişi ýaly, töwekgelçiliklerden we kynçylyklardan gaça durmak üçin BYOD girizilmezden ozal işgärler üçin okuwlar geçirilýär. Käbir platformalary we enjamlary howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelmeýändigi sebäpli elbetde islendik enjamy ýa-da programmalary ulanmak bolmaýar.

BYOD tejribede

Bazarda “Lotus Notes Traveller ” priloženiýe BYOD ulanmakda oňyn netijeleri beren programmalaryň biridir. Bu ulgamyň üsti bilen işgärler korporatiw maglumatlara, işiň gidiş proseslerine we elektron poçtada hat alyp-bermekde web torunyň üsti bilen amala aşyryp bilýärler.

Töwekgelçilikler

Töwekgelçiliksiz tehnologiýalar asla ýok bolsa gerek. Howply ýagdaýlardan gaçmak maksady bilen, islendik wagt enjamyň işini duruzyp bilmek üçin işgäriň enjamy firmanyň programmistleri hasaba alýar. Gerekli maglumatlara gaýry taraplaryň girip bilmezligi üçin, zyýan berjek wirusly programmalary işgäriň enjamyna ýüklenip programmistleriň gözegçiliginden çykyp biler.

Näme üçin BYOD

Forbesiň soragnamasyna, günbatarly işgärleriň aglabasy şahsy enjamlaryny we gurallaryny has oňaýly, döwrebaplaşdyrylan we ulanmasy aňsat diýip hasaplaýarlar. Çaklamalara görä, BYOD 2022-nji ýyla çenli kiçi we orta telekeçilige doly ornaşar diýilýär.