Deriden kemer önümçiligi - asyrlaryň söwdasy

Photo by Resplash

Arassa deriden kemer önümçiligini gurnamak her kime başardar. Önümçilik üçin ýörite gurnalan giň meýdanyny taýýarlamaga zerurçylyk ýok. Başlangyç 50 m2 hem ýeterlikdir.

Önümçiligi guramak

Eger-de siziň maksadyňyz has köpçüligiň islegini kanagatlandyrmak bolsa, gerekli enjamlary satyn almak, işgär taýýarlamak, ähli zady üpjün iş ýerini gurnamak siziň esasy wezipäňiz bolar. Önümçiligiňizi kanun tarapdan resmileşdirmek üçin bolsa ýaşaýan ýeriňiz boýunça salgyt bölüminde hasaba durmaly. Deriden kemer önümçiliginiň güýçli ysynyň bardygyny göz öňünde tutup, önümçilik ýerini ýaşaýyş toplumyndan uzakda gurnamak maslahat berilýär.

Deri kemerleriň çig maly

Önümçilik üçin sygyr ýa-da geçi derilerini ulanmaly. Kemer önümçiliginde köplenç şu iki haýwanyň derisi ulanylýar. Derini başdan, täzeden işlemek öz başyna aýratyn bir proses we çykdajysy köp bolan usullaryň biridir. Iň aňsady taýýar işlenen derini ulanmak.

Deriden kemer öndürmeklik üçin tehniki talaplar

Gerekli enjamlar şular: reňklemek üçin stol, ýelmemek üçin basgyç, deri üçin tikin maşyn, deri kesmek üçin pyçaklar, derini deşmek üçin enjam, ýylmaýan enjam, nagyş basmak üçin enjam. Gapdalyndan goşmaça kemere dakyljak demir ildirgiçler , derä berilýän reňkler, sapaklar we galan ownuk uşak satyn alynar.

Deriden kemer önümçiliginiň esasy tapgyrlary

Kemer öndürmekligiň iki görnüşli tehnologiýasy bar. Onuň Iň ýönekeýi – bir gatly kemeri öndürmek.

Deriden gerekli ölçeg kesilip alynýar, gerek ýerleri deşilýär , soňra reňk berilýär, zerur bolsa nagyş basylýar, gyralary ýylmanýar we tikin we kemeriň tutawaç ýuzügi dakylýar. Bu önümçiligiň iň arzan görnüşi.

Ýene bir görnüşi bu üç gatly deri kemeri, bahasy gymmat emma hili berk bolýar. Kemeriň iň aşaky gatlagy deri bolýar. Orta gatyna mata ýa-da dermatin ýazylýar. Gatlar kesilip alynýar, iň aşaky gaty ýokarkylara görä giňräk bolýar, gatlar ýörite tisgi bilen bir birine ýelmenilýär , berklik üçin gyralary tikilýär. Indiki ädim kemere dizaýn döredilýär: reňklenýär , nagyş basylýar, gyralary ýylmanylýar , tikin we kemeriň tutawaç ýuzügi dakylýar.

Galyndy bolýan çig maldan sagadyň kemerjikleriniň önümçiligini hem ýola goýlup bolar.

Taýýar önümi ýerlemek

Öndüren deri kemerleriňizi , internediň üsti bilen sosiýal torlarda reklama arkaly ýerlemeklige mümkinçilikler bar. Ýenede egin – eşik dükanlarynda ýerläp bilersiňiz. Önümiňize at we logo tapmasaňyz önümi satmaklyk aňsat bolar, bazarda tiz tanalarsyňyz .