Skotç önümçiligi - iň köp ulanylýan kanselýar harytlaryň biri

Photo by aligid.ru

Skotçuň ulanylmaýan ýeri ýok bolsa gerek, onuň sebäbi hem ol, döwrebap adamyň “kömekçisi” hökmünde mydama eliniň aşagyndaky gurallaryň biri boldy, ol islendik mekdep okuwçysy, talyp, hojalyk işgäri bolsun, ussa bolsun, lukman bolsun we şoňa meňzeş islendik kärdäki adamlaryň ýa-da her bir maşgalanyň ulanýan harydyna öwrüldi.

Skotçlar görnüşleri boýunça dürli görnüşlere bölünýärler: kanselýar, gap, dekoratiw we malýar skotçlar. Bular hem öz gezeginde standart we gaplamak üçin dykyz skotçlara, armirlenen we metallizirlenen , medisina, iki taraplaýyn, matadan skotçlara bölünýärler.

Eger önümçiligi ýola goýmakçy bolsaňyz, biznes meýilnama düzülende elbetde, bazaryň islegini göz öňünde tutmaly.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň bazarynda brending barha meşhur bolýandygy sebäpli, şahsy logotipli we markaly gaplama üçin ulanylýan skotçlar bilen bazara girmek hem bir usuldyr, ýagny müşderilere öz logotipleri bilen skotçlar öndürmekde özüne çekiji teklipler berip bilersiňiz.

Biznesi guramak

Önümçilik meýdany üçin ýangyn howpsuzlyk talaplaryna gabat gelýän, elektrik we suw bilen üpjün edilen 200 m2 meýdan ýeterlik bolar. Şol sanda taýýar önüm we çig mal üçin aýratyn ýerler hem göz öňünde tutulýar.

Işe başlamak üçin 2 -3 adam ýeterlik hasaplanýar. Olar: enjamlary işlediji işgär, kömekçi işgär we menejer. Hasap – hesip işleri üçin buhgalteri autsorsing şertnamasy bilen baglaşmak mümkin.

Önümçilik enjamlary we çig mallar

Ähli skotç öndürjiler diýen ýaly, önümçiligiň iň aňsat usuly bolan taýýar çig mal bilen öndürme usulyny ulanýarlar.

Taýýar görnüşli ulanylýan çig mallaryň hataryna esasy; polimer plýonkany, ýörite ýelim we skotçy dolamak üçin taýýar wtulkalary girýär.

Önümçiligi, taýýar çig mallary ulanmak arkaly başlamak , önümçilik prosesi tizleşdirýär we başlangyç maýany tygşytlaýar.

Önümçilikde ulanylýan enjamlar: polimer plýonkanyň ýüzüne ýelim çalýan we tiz guradýan enjam, gerekli ölçegde wtulkalary kesgiç, skotçy wtulka dolaýan enjam, islege görä fleksopeçat hem gurnamaklyk mümkin.

Enjamyň standart bolan görnüşinde kanselýar skotç , gaplama skotç , gurluşyk we dekoratiw skotçlary öndürmeklige mümkinçilik bolýar.

Önümçiligiň esasy tapgyrlary

Önümçiligiň esasy tapgyry - başda, polimer plýonka ýelim çalynýar, yzy bilen guradylýar we wtulka saralýar . Soňra gaplanýar. Fleksopeçat bolan ýagdaýynda bolsa müşderiniň islegine görä ýüzüne logotip ýelmenýär .

Polimer plýonkalar skotça baglylykda her dürli galyňlykda we reňkde bolýar. Ýelim satyn alnanda düzümi suwuk ýelim almaklyk maslahat berilýär, sebäbi onda ys-kok bolmaýar. Wtulkalar karton bolan ýagdaýynda gyşarmazlygy üçin dykyz görnüşli bolmaly. Ýelimiň görnüşi ähli görnüşli skotçlara gabat gelýän bolmaly. Çig mallary köplenç Hytaýdan satyn almak amatly hasaplanýar.

Marketing

Önümiň ýerlenjek ýeri - kanselýar dükanlar, kompaniýalar we telekeçiler, gurluşyk dükanlar we ş.m. Önümiň hili, import önümleriň hilinden gowy, bahasyndan pes bolan ýagdaýynda, maýanyň öz-özüni ödejek möhleti bir ýyl diýip hasaplasaň bolar.