Maliýe taýdan sowatly bolmak gerekmi

Photo by Resplash

Haýsy käriň eýesidigimize​ garamazdan, gündelik durmuşymyzda ykdysady we maliýe soraglary bilen gabatlaşýarys.

Maliýe taýdan sowatly bolan adamlar maşgala durmuşynda​ bolsun, şahsy durmuşynda bolsun, duş gelýän ykdysady meselelerden arkaýyn baş alyp çykyp bilýärler​, maliýe aldawlara​ we galplyga asla sezewar bolmaýarlar diýsek ýalňyşmarys.

Maliýe taýdan sowatly bolmak hökmanmy​?

Plastik kartymyza​ ýa-da internet bankymyza ​ degişli gizlin açarymyzyň başga bir nätanyş adamyň bilmesi biz üçin nähili soraglar çykaryp biljekdigi barada pikirlenip göreliň.

Bu ýagdaýda her bir geçýän minut biz üçin howply bolýar, derhal ýagdaýda bir netije bermeli bolýarys, beýle wakalarda näme hereket etmelidigi barada gyzyklanyp gördüňizmi?

Soňky onýyllykda Türkmenistanda maliýe gurallar we maliýe hyzmatlar giňden ýaýrap başlady we dowam edýär. Öňler nagt pullardaky hasaplaşyklar, umuman aýdanymyzda “çopan hasaby” has ýaýbaň bolan bolsa, indi bank kartlary, töleg terminallary, bankomatlar, töleg kiosyklary​, internet banking we şoňa meňzeş başga-da ýokary tehnologiýaly, öň bize tanyş bolmadyk köp dürli maliýe hyzmatlar hödürlenip başlandy.

Bu hyzmatlaryň çylşyrymly bolmagy we adamlaryň şahsy pul serişdeleriniň bu hyzmatlara bagly bolmagy, islese islemese adamlary bu tehnologiýalaryň maliýe taýdan işleýiş prinsiplerini​ öwrenmäge mejbur edýär.

Maliýe sowatly bolmak üçin näme etmeli?

Ilkinji nobatda gazanjymyzyň​ az ýa-da köpdügine garamazdan hasap-hesibini​ ýöretmeli.

Pul serişdeleriniň nireden gelip nirä gidýändigini bilmeklik, eýesine geljek döwür üçin süýşürintgi etmäge, kiçi göwrümli maýa goýum proýektlerini​ ýa-da umuman çykdajy we girdeji meýilnamasyny düzmäge kömek eder.

Gündelik bize gabat gelýän maliýe amallary, terminleri we düşünjeleri özümize ýazyp almak we olary ýaltanman oturyp öwrenmeklik, geljekde biziň maliýe ýagdaýymyza oňyn täsirini ýetirer.

Adamlaryň aglaba bölegi günde diýen ýaly: salgyt, býujet, bank karzlary, bank hasaplary, ätiýaçlandyrma hyzmatlary, maliýe jerimeleri, nagt däl hasaplaşyklar, ipoteka, zähmet hakynyň hasaplanyşy​, zähmet hakyndan tutulýan tutumlar, pensiýa ätiýaçlandyrmasy we başga-da köp dürli maliýe amallara, düşünjelere we terminlere hökman duş gelýärler​.

Ýeri gelende, bu amallar barada azda-kände habarly bolmadygymyz ýa-da olaryň işleýşine düşünmedigimiz sebäpli, öz bähbidimizden galýan wagtymyz az däl.

Ýediden​ ýetmişe

Çagalara kiçilikden puluň funksiýasy, girdeji we çykdajy, maýa goýum, şahsy býujet, bank, salgyt we başga-da her dürli şulara meňzeş temalary oýunlaryň üsti bilen düşündirmek ýa-da okatmak, belki olaryň kiçi wagty ähmiýetsiz bolup görünse-de, geljegi üçin oňyn netije berjegi iki uçsuzdyr​. Onuň sebäbi adam ömri ötýänça​ pul bilen iş salyşmaly​ bolýar.