Mugduň bäriýany bolan sanly gural - Excel

Photo by Getec

Sanlar bilen işleýän köp işgärler Microsoft Excel programmasy bolmasa öz işlerini nädip alyp barmalydygyny göz öňüne hem getirip bilmeýärler. Isle telekeçi bol ýa-da bilermen Eksel her dürli hasaplamalary we maliýe hasabatlary etmäge mümkinçilik berýär.

Islendik kompýuterde we el telefonlarynda bar bolan bu programmany gowy bilen adam öz şahsy işinden başlap professional derejedäki işlerine çenli ulanýar. Eksel kiçi telekeçiden başlap, uly bir zawodyň ýa-da fabirikanyň hasap hesibini ýöretmek üçin gowy guraldyr.

Excel – iň peýdalary

Meselem, biznes bilen bagly soňky 1 ýyl üçin girdejiler we çykdajylar ýa-da söwdadan gelýän pul serişdeleriniň tendensiýasy barada seljerme geçirmek üçin, maglumatlary aýma-aý ýazylsa, syçanjygyň kömegi bilen ähli sanlary birlikde diagramma şekiline geçirip 1 ýylyň hereketini yzarlamaga mümkinçilik berýär. Netijede haýsy aýlarda çykdajynyň artandygyny ýa-da girdejiniň kemelendigini, söwdadan gelýän pullaryň haýsy aýda peselendigi baradaky maglumatlary köp wagt sarp etmezden görüp bilýäris. Programma bu maglumatlary, geçen ýyllar bilen hem deňeşdirmäge mümkinçilik berýär.

Bu mysal ekseliň iň ýönekeý funksiýalarynyň biri, programma başgada has çuň seljermeleri etmäge hat-da her kimiň islegine görä ýörite programmany düzmäge hem mümkinçilik berýär.

Resminama dolanyşygynda

Eksel, ulanyja islendik ýerden internediň üsti bilen OneDrive ýa-da SharePoint programmalary ulanyp, buludyň kömegi bilen girmäge faýllary paýlaşmaga mümkinçilik berýär. Hat-da onlaýn wagtda kärdeşleriňiz bilen birbada işlemäge hem şert döredýär.

Excel

Eksel, ulanyja müňlerçe funksiýalary hödürleýär, meselem telekeçilikde peýda berjek funksiýalaryň hataryna: SUM, VLOOKUP, NPV, IRR, SUMIF girip biler. Funksiýalardaky formulalar zerur görkezijileri hasaplamaga kömek edýär.

Ekseli nireden öwrenip bolar

Ekseli kitaplaryň we internet resurslaryň üsti bilen her kimiň özbaşdak öwrenmäge mümkinçiligi bar. Elbetde iň tiz wagtda öwrenmeklik usuly bu ugurda gurnalýan ýörite kurslarda okamak arkaly bolup biler. Eger işleýän bolsaňyz boş wagtyňyz ýok bolsa, belki biziň geçen sanymyzdaky “ofis işgärleriniň işini ýeňilleşdirjek web-saýtlar” atly makalamyzyň size peýdasy deger.