Rezin owuntyklarynyň önümçiligi

Photo by Abu Dabi -Tadweer

Bir awtoulagyň pokryşkalary ortaça 5 ýyldan könelýär we çalyşmaklyk zerur bolýar. Türkmenistanda soňky on ýyllykda awtoulaglaryň sany artdy. Ýönekeý hasap bilen, müňlerçe awtoulagdan köp mükdarda köne pokryşka artýar, bulary çig mal hökmünde ulanyp, rezin owuntyklaryndan önümçilik ýola goýmaklyk barada pikir edip görüňizmi?

Rezin owuntyklary nirelerde ulanylyp bilner? Olardan pyýadalar üçin trotuarlar, geçelgeler düşelýär, sport meýdançalary hem-de çagalaryň oýun meýdançalaryny düşemek üçin çig mal hökmünde ulanýarlar.

Biznesi guramak

Biznesi resmileşdireniňizde, telekeçilik işini açmaklyk işiň resmi taýdan dogry bolmagyna peýda berer. Önümçilik ediljek ýeriniň meýdany 400 m2 az bolmazlyk şerti bilen, ýaşaýyş toplumyndan uzak ýerde ýerleşmelidir. Önümçilik ýeri kommunal şertler bilen üpjün edilmeli. Işgärlerden bolsa iň pesi 3 adam, ýagny 2 sany işçi we 1 sany menejer bolmaly.

Tehniki talaplar

Rezin owuntyklarynyň önümçiligi üçin şu aşakdaky enjamlar üpjün edilmelidir:

Pokryşkanyň diskanyň içinde oturýan tegelek ýüzügini kesip aýyrýan enjam;

Kesip aýrylan tegelek ýüzügi kerçeýän enjam;

Pokryşkany bölek-bölek görnüşinde kesýän enjam;

Kesilen bölekleri önüme öwürmek üçin kerçeläp taýýarlaýan enjam;

Kerçelen rezinlerden rezin owuntyklaryny öndürýän enjam;

Rezin owuntyklaryny elemek üçin elek enjamy;

Pokryşkanyň içindäki demir bölejiklerini aýyrýan magnit seperatory;

Rezin bölejiklerini saýhallaýan howa seperatory;

Konweýer;

Elektro şit;

Rezin bölejiklerini ölçegleri boýunça saýhallamak üçin enjam.

Önümçilik prosesi

Ilki bilen, çig maly önümçilige ýaramaýan gaýry elementlerden arassalamak üçin gözden geçirilýär. Soňra pokryşkalaryň diskanyň içinde oturýan tegelek ýüzügi kesilip aýrylýar. Soňra enjamyň kömegi bilen pokryşka 20х25sm ölçegde böleklere bölünýär. Böleklenen bölekler konweýeriň kömegi bilen önüm üçin kerçeläp taýýarlaýan enjama guýulýar, şol aralykda pokryşkadan nahlar hem aýrylýar. Soňra kerçelenen taýýar çig maly, enjam rezin owuntyklaryna öwürýär. Soňra rezin owuntyklarynyň içinden demir we nah bölejiklerini aýyrmak üçin seperator enjamyndan geçirilýär. Soňunda bolsa taýýar rezin owuntyklary howa seperatoryndan geçip ölçegleri boýunça saýhallanylýar.

Önümçiligi dowamly çig mal bilen üpjün etmek üçin, sürüjileri höweslendirmek zerurdyr. Muňa köne pokryşkalary getirene pul bilen öwezini dolmak çäresi gowy çykalga bolup biler.

Seljerme

Rezin owuntyklarynyň önümçiligi düşewüntli biznesleriň biridir. Eger bu işe sowatly ýakynlaşan ýagdaýyňyzda işiňiziň üstünlikli bolmagy ýokary ähtimally. Önümi daşary ýurda eksport etmeklik mümkinçiligi hem bar.

Ilkinji maýa goýum:

Rezin owuntygyny öndürmek üçin enjamlaryň hatary üçin;

Önümçilik üçin zerur bolan gurallar üçin gerek bolýar.

Her aýdaky boljak çykdajy we girdeji çeşmelere seredeliň:

Çykdajylar

Ýeriň kärende çykdajysy;

Çig mallaryň çykdajysy;

Işgärleriň zähmet haky;

Kommunal tölegler.

Girdejiler

Rezin owuntyklarynyň satuwyndan;

Pokryşkalaryň içinden çykaryp alnan metallaryň satuwyndan.

Bir tonna pokryşkadan takmynan 700 kg rezin owuntyklaryny alyp bolýar.