Biznes ideýa - daşary ýurtda türkmen restoranyny açmak

Photo by Turkmenportal

Dünýä halklarynyň aşhanalary daşary ýurtlarda giň gerime eýedir. Olardan esasy tanalýanlary italýan, hytaý, hindi, fransuz we ýene-de köp sanly başgada aşhanalar. Türkmen tagamlary barada aýtsak Ýewropa ýa-da okeanyň aňyrsyndaky ýurtlaryň birinde türkmen tagamly restorany açmaklyk gowy biznes ideýalaryň biri bolup biler.

Ilki bilen, düşünmeli zatlaryň biri, başarnykly reklama aksiýalaryny geçireniňiz bilen hem, restoran açan ýurduňyzyň ýerli ilaty derrew size tarap ýöneler we hemişe müşderiňiz bolar diýip umyt etmezlik. Onuň sebäbi hem restoran bazarynda bäsdeşlik güýçli bolandygy sebäpli, ýerli ilat köplenç ýyllaryň synagyndan geçen we ada eýe bolan aşhanalary gowy görýärler. Mysal, italýan ýa-da hytaý restoranlarynda bolşy ýaly, açylandan köp sanly myhman bolmazlygy mümkin. Ýerli ilatyň tanamagy we öwrenişmesi​ üçin wagt gerek bolar.

Aşhanadaky menýu

Restoranda teklip ediljek tagamlaryň görnüşlerini kesgitlemek zerurdyr türkmen palawy, mantysy, işlekli, tamdyrlama, çorbalar, dograma, kakmaç, dürli görnüşli somsalar, pişme we çapaty​ we ýene-de köp dürli türkmen tagamlary mysal bolup biler. Tamdyr gurulan ýagdaýynda, dürli görnüşli mele-myssyk çörekleri bişirmek mümkin bolar.

Içgilerden gök çaý, süýtli gara çaý, gatyk, süzmeden​ çal ýa-da düýe çaly hödürlenip biliner, munuň üçin düýe süýdüni tapmaklyk aňsat düşmezligi mümkin.

Işi gurnamak

Her dürli aşhanalaryň üýşen ýerleri uly şäherler we paýtagtlar hasaplanýany üçin, türkmen tagamly restoranyny hem ilatly ýerlerde açmak dogry bolar. Kiçi şäherçelerde işiň şowly bolup-bolmajagy gümana. Hat-da uly şäherlerde we syýahatçylyk merkezlerinde-de açylýan şular ýaly "ekzotik aşhanalar" esasan diasporalardan müşderi çekmek, her dürli çäreler geçirmek, nahary eltip bermek ýaly hyzmatlaryň​ hasabyna saklanýar. Ilkinji nobatda hökman, naharlaryň hiline üns berilmelidir – restoranyň mahabaty näçe üstünlikli bolsa-da, tagamsyz ýa-da pes hilli iýmit ähli eden işiňizi puja çykarar. Şol sebäpli ilki bilen, türkmen aşhanasynyň tagamlaryndan başy çykýan, öz işini gowy bilýän aşpez gerek bolar.

Dürli aşhanalaryň içinde ýaşaýan günbatar ýurtlarynyň ilatyny gyzyklandyrmak üçin ep-esli tagalla etmeli bolarsyňyz. Olaryň içine tagamlarmyzy​ tanatmak üçin işjeň wagyz etmek - mahabatlandyryş çärelerini geçirmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we internet ulgamynda tanatmak, her dürli broşýuralary ýaýratmak ýaly ýene-de her dürli reklama işleri bolup biler.