Telekeçi buhgalteriýa düşünmelimi

Photo by psychologenie

Öz işi bolan telekeçileriň köpüsi buhgalteriýa soraglarynyň içine girmek meselesine sowuk-sala seredýärler. Köplenç onuň sebäbini “Telekeçi mydama täze ideýalaryň we gazanç çeşmeleriniň gözleginde bolmaly, näme üçin ol içki buhgalteriýa wagt gidirmeli​?” diýýärler. Elmydama bolşy ýaly tejribede bu mesele şertnama esasynda bir buhgalter tutup ähli soraglary onuň üstüne ýüklemeklik bilen çözülýär.

Buhgalteriýa düşünýän telekeçi bilen ony düşünmeýän telekeçiniň tapawudy ýer bilen gök ýaly diýsek ýalňyşmarys. Maliýe işleriniň gidişinden habary bolmadyk telekeçiniň aldanma, uly salgyt jerimelere sezewar bolma, ykdysady mahinasiýalara​ duçar bolma we başgada maliýe problemalary bilen gabatlaşma töwekgelçiligi ýokary bolýar. Buhgalteriýany​ bilýän telekeçiler wagtdan öňe geçip şeýle ýagdaýlaryň başlangyç döwründe öňüni kesip bilýärler.

Bärde gürrüň, bir telekeçiniň ýa-da kompaniýanyň başlygynyň buhgalteriýada​ geçirilýän amallary oturyp özüniň geçirmekligi ýa-da doldurylýan kitaplary dolduryp hasabatdan baş çykarmaklygy barada däl-de, onuň buhuçet​ baradaky başlangyç düşünjeden minimum habarly bolmagy barada gidýär.

Iş ýüzünde bu nähili işleýär

Dünýä tejribesinde köp kompaniýalar öz buhgalter amallaryny barlatmak üçin, garaşsyz barlagçy firmalary ulanýarlar. Bu usul, kiçi we orta telekeçiler üçin däl-de uly bolan kompaniýalar üçin effektiw hasaplanýar.

Mysal, telekeçiniň ir bilen bir käse gök çaý içip otyrka bank hasabyndaky pul serişdeleriniň hereketini yzarlap, onuň habary bolman geçirilen bank töleginiň üstünden barmagy, onuň üçin ullakan bir peýda dälmi?

Ýa-da bolmasa telekeçiniň elinde bar bolan aktiwleriň töwekgelçiligine baha berip bilmegi, iň möhüm başarnyklaryň biri. Buhgalterçilik hasabatlar töwekgelçiligi kesgitlemek üçin köp peýdaly maglumatlary berýär.

Buhgalteriýa düşünýän telekeçi maglumatlardan peýdalanyp, eýeçiligindäki bar zatlaryň gymmatyndan näçe ýitgi çekip biljegini (meselem baha üýtgemeler we ş​.m​. bolsa), düşewüntliligini (edýän işiniň näçeräk effekt berýändigini), esasy görkezijileri (algy-bergini, girdeji-çykdajyny) yzarlap okuň ugry pese düşýärmi ýa-da ýokaryk galýarmy özi arkaýyn kesgitläp bilýär.

Eger siz üçin bu makala gyzykly bolan bolsa, onda ýakynda başlajak şäheriňizdäki buhgalterçilik boýunça 3 aýlyk okuw kurslaryna ýazylyň.